Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti durnukly energetika ösüşine we sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge bagyşlanan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň iş saparyna gatnaşdy. Çäre Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Bu sapar Ýewropa Bileleşigi hem-de Germaniýa tarapyndan goldanylýan «EU4SustainableCentralAsia: Renewable Energy in Central Asia» («EURECA») taslamasynyň çäginde amala aşyryldy. Maksatnama tematik duşuşyklary, tehniki meýdançalara saparlary we energetika syýasaty boýunça sebitleýin dialogy öz içine aldy.

10-njy oktýabrda Brýusselde ýerleşýän GIZ-iň edarasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika pudagynyň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň hem-de GIZ-iň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibi täzelenýän energetikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylalaşygy pugtalandyrmaga, elektrik energiýasynyň sebitleýin söwdasyny ösdürmäge, serhetara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bazar çemeleşmelerini utgaşdyrmak boýunça amaly ädimleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.

Duşuşygyň açylyşynda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ilçi ýurduň energetika taýdan kuwwatly döwlet hökmünde aýratyn üns berýän iki ugruny nygtady: sebitde energiýa üpjünçiliginiň durnuklylygyny saklamak we şol bir wagtyň özünde arassa energetikany ösdürmek arkaly howanyň üýtgemegi boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek.

Sapar Pälwanow bu ugurda alnyp barylýan amaly işleri mysal hökmünde görkezip, kuwwaty 10 MWt bolan gibrid Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň tamamlanmagy hem-de halkara hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda 300 MWt kuwwatly Gün elektrik stansiýasynyň işe girizilmegine taýýarlyk görülýändigini belledi. Şeýle hem ýel energetikasyny ösdürmek we «akylly» energetika çözgütlerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şol sanda Arkadag şäherindäki taslamalar hakynda gürrüň edildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň düzüminde degişli edaralaryň ýolbaşçylary, orunbasarlary hem-de tehniki hünärmenler çärä gatnaşdylar. Duşuşykda hünärmenleriň taýýarlygyna we amaly taýdan ugrukdyrylan hyzmatdaşlyk maksatnamalaryna aýratyn üns berildi.

Täzelikler

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

2025-12-20 / Syýasy

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» sammitine gatnaşdy

2025-11-27 / Syýasy

Türkmenistan we Täjigistan energetika hem-de suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: