«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

«Çalik Enerji» türk kompaniýasy 2025-nji ýylyň 22 — 24-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» («OGT 2025») atly halkara maslahatyň we serginiň platina hemaýatkäri hökmünde çykyş eder.

«Çalık Holdingiň» düzümine girýän, 1998-nji ýylda esaslandyrylan «Çalık Enerji» Ýewraziýanyň energetika pudagyndaky öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir. Onuň iş ugurlary taslamalaryň dizaýn edilmegi, gurluşyk işleri, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, elektrik stansiýalarynyň ekspluatasiýasy hem-de elektrik energiýasynyň paýlanyşy we satuwy ýaly köp ugry öz içine alýar.

Kompaniýa Türkmenistanda milli energetika infrastrukturasynyň ösüşine uly goşant goşdy. Onuň amala aşyran taslamalary içerki bazary elektrik energiýasy bilen üpjün edýär we eksport mümkinçiligini döredýär. «Çalık Enerji» energetika ulgamlarynyň modernizasiýasyna işjeň gatnaşýar, öňdebaryjy inženerçilik çözgütlerini ornaşdyrýar we ekologiýa netijeliligine aýratyn üns berýär.

«OGT 2025» forumyna dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň we dürli ýurtlaryň ministrleriniň, maýa goýujylaryň hem-de bilermenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Häzirki wagta çenli foruma gatnaşmaga isleg bildiren 70-den gowrak ýurduň 1000-den gowrak wekili hasaba alyndy, şolaryň arasynda täze kompaniýalar we ilkinji gezek gatnaşýan wekiller hem bar. Bu gatnaşyjylar üçin täze iş gatnaşyklaryny ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin aýratyn mümkinçilikdir.

Täzelikler

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: