Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

Ýakynda Türkmenistanyň Merkezi Garagum sebitindäki Atbaý gaz-kondensat käniniň 241-nji ulanyş guýusyndan senagat möçberinde ýokary hilli tebigy gaz alyndy.

Ussat burawçylar 1200 metr çuňlukda alnyp barlan işleri üstünlikli ýerine ýetirdiler. 1104 — 1101 metr aralygyndaky öndürijilikli gatlakda geçirilen partlama amallarynyň netijesinde kükürt wodoroddan arassa bolan tebigy gaz alyndy – diýip, ussatnews.com saýty habar berdi.

Baha berişlerine görä, bu ulanyş guýusy her günde 215,9 müň kub metre barabar bolan ýokary hilli gaz berýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, häzirki wagtda «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawçylary «Türkmengaz» döwlet konserniniň düzüminde dünýäde gaz gorlarynyň möçberi boýunça iň iri känleriň biri hasaplanýan «Galkynyş» gaz käninde 110-njy, 231-nji, 253-nji, 260-njy, 261-nji, 263-nji, 266-njy we 283-nji ulanyş guýularynda alyp barýan işlerini dowam etdirýärler.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: