Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň (LLDC3) mejlisinde çykyş edip, 2030–2040-njy ýyllar üçin wodorod energetikasyna geçmek boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegi baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu barada “Business Turkmenistan” habar berýär.

Döwlet Baştutany bu ugurda BMG-niň çäklerinde geljek ýyldan başlap degişli maksatnamanyň taýýarlanyş usullaryny ara alyp maslahatlaşmak işine başlamak teklibini öňe sürdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini yzygiderli goldaýandygyny belläp, ýurdumyzyň wodorod energetikasynyň ösüşine goşant goşmaga taýýardygyny nygtady. Munuň üçin anyk hyzmatdaşlyk meýilnamalarynyň we gatnaşyklaryň sazlaşykly algoritmleriniň işlenilip düzülmelidigi aýratyn nygtaldy.

Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanyň halkara energetika giňişligindäki işini BMG-niň degişli resminamalaryna laýyklykda alyp barýandygyny belläp, energetika ulgamynyň ähli gatnaşyjylary — öndürijiler, geçirijiler we sarp edijiler tarapyndan halkara ekologiýa standartlarynyň we howanyň üýtgemegi bilen bagly borçnamalarynyň berjaý edilmelidigini nygtady.

Ekologiýa ugurly gün tertibiniň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň aýlanma ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy çäkli maksatnamanyň döredilmegi baradaky başlangyjyny ýatladyp, ykdysady ulgamynda alnyp barýan işlerde  hemmesiniň ekologiýa talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi. Türkmenistanyň maksatnamasynyň esasy ugrunyň tebigy gurşawy goramaga ýardam berýän önümçilik nusgasyny düzmeginden ybaratdygy nygtaldy.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahaty 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda öz işine başlady we 8-nji awgusta çenli dowam eder.

Täzelikler

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: