Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika we nebit-gaz pudagynda, himiýa, ulag hem-de kommunikasiýa ulgamlarynda, oba-hojalygy we azyk senagatynda, daşky gurşawy goramakda, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmegi meýilleşdirýär. Degişli çözgüt barada 28-nji iýulda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 8-nji mejlisinde aýdyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, taraplar agzalan ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, azerbaýjan wekilýetine Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle hem mejlisde iki döwletiň arasyndaky üstaşyr ýük daşamalaryň ösüşiniň oňyn häsiýete eýedigi nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanda we Azerbaýjanda geçirilýän söwda ähmiýetli çärelere, sergilere we forumlara gatnaşmagyny öz içine almak bilen iki döwletiň hususy pudagynyň wekilleriniň işini giňeltmegiň zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň jemleri boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 8-nji mejlisiniň Teswirnamasy kabul edildi. Resminama söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Taraplar hökümetara toparynyň indiki 9-njy mejisini Aşgabat şäherinde geçirmegi ylalaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: