Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

Brýusselde ýerleşýän analitik platforma Brussels Energy Club tarapyndan gurnalan tegelek stolda Türkmenistan öz energetika syýasatynyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Bileleşigi hem-de Ýewropa energetika kompaniýalary bilen ýurduň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. 

Diplomat Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan strategiýa barada gürrüň berdi. Bu strategiýa uglewodorod serişdeleriniň eksport geografiýasyny giňeltmäge, gaýtadan işleýiş ulgamyny ýokarlandyrmaga hem-de energetika infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilendir. Ýurduň bu ugurda esasy ýörelgesi uzak möhletleýin hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär. Munuň hatarynda Ýewropa döwletleri we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk hem bar. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Çäre gatnaşyjylar Türkmenistanyň gazyny Günorta gaz geçiriji arkaly Ýewropa ýetirmegiň mümkin usuly hökmünde seredilýän Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň geljegini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bu taslama Ýewropa sarp edijileri üçin energiýa serişdelerini eltmegiň alternatiw ugrydyr.

Çäräniň dowamynda gaz serişdelerini gaýtadan işlemek aýratyn üns merkezinde boldy. Türkmenistan polimerler, dökünler, sintetiki ýangyç we beýleki senagat önümleri boýunça taslamalary durmuşa geçirýär. Bu bolsa Ýewropa maýa goýujylary we tehnologik kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Brussels Energy Club — energetika howpsuzlygy we global energetika ugurlary boýunça meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan, halkara bilermenleri, kompaniýa wekillerini, analitikleri we resmi ýolbaşçylary bir ýere jemleýän ekspert platformasydyr.

Täzelikler

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: