Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2 — 4-nji iýun aralygynda geçirilen Baku Energetika hepdesine gatnaşdy.

Hepdäniň çäginde «Hazaryň nebiti we gazy» 30-njy halkara sergisi hem geçirildi. Bu sergä dünýäniň 39 ýurdunyň 267 energetika kompaniýasy gatnaşdy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Hepdäniň açylyş dabarasynda çykyş edip, bu abraýly forum barada giňişleýin maglumat berdi. Ol ýerde energetika bilen bagly giň gerimli meseleler — adaty energiýa çeşmelerinden täzelenip bilýän energiýa çeşmelerine çenli, energetika diplomatiýasynyň ösdürilmegi, strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, täze çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagy we halkara energetika gepleşikleriniň geçirilmegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň forumyň gatnaşyjylaryna iberen hatyny okap berdi. Bu hatda Türkmenistanyň gazynyň Azerbaýjanyň we Türkiýäniň üsti bilen eksport edilmegi boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň bardygy we bu taslamanyň energiýa serişdeleriniň üpjünçilik geografiýasynyň giňeldilmegine hem-de sebitiň ýurtlarynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna möhüm goşant goşjakdygy bellenildi.

3-4-nji iýun aralygynda Hepdäniň çäklerinde Baku Energetika forumy geçirildi. Bu foruma onlarça ýurduň hökümetleriniň wekilleri, halkara energetika kompaniýalarynyň we guramalarynyň 800-den gowrak wekili gatnaşdy. Forumda energetika howpsuzlygy, täzelenip bilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegi, «ýaşyl» energetikanyň ornaşdyrylmagy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Hazar sebitinde deňiz ýel energetikasynyň mümkinçilikleri, serhetara energetika taslamalaryndaky hyzmatdaşlyk we energetika pudagynyň sanly özgertmeleri bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Täzelikler

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: