Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy. Döwlet Baştutany 14-nji aprelde, serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününde ýurduň milli pawilýonyny resmi taýdan açdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bu ýerde eden çykyşynda: "Häzirki Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu sergi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi bilen gabat gelýär. Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzmelidir" diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy we Türkmenistanyň Milli gününi açmak bilen, ýurduň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga, dürli ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow milli pawilýonyň toý bagyny kesdi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň resmi adamlary binanyň içine girdiler. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlara pawilýon barada giňişleýin maglumat berildi.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: