Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana sapary başlandy

 

2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tährana iş sapary bilen bardy.

Şol gün türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministriniň orunbasary, Ulag senagaty we ösüş kompaniýasynyň ýolbaşçysy Huşang Bazwand bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini, şol sanda eýran kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäginde awtomobil ýollary gurmak boýunça taslamalaryna gatnaşýandygyny bellediler.

Taraplar öňden baglanyşylan, hususan-da, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň soňky mejlisleriniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Soňra Eýranyň nebit ministri Mohsen Paknežad bilen duşuşyk geçirildi.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň häzirki möhüm meselelerine we geljegine garaldy. Taraplar iki dostlukly ýurduň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin giň şertleriň bardygyny bellediler.

Şeýle-de, Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadi bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar geçen ýylyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijeliligini bellediler we iki ýurduň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan meýillerini tassykladylar. Duşuşygyň barşynda elektroenergetika, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Eýranyň degişli ugurly edaralarynyň arasynda utgaşykly işleriň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýrana sapary dowam edýär.

Täzelikler

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: