Halkara energetika hartiýasynyň Baş sekretary TEIF 2025 forumynda ekologiýa maksatnamasy bilen tanyşdyrar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumy (TEIF 2025) geçiriler. Bu forumda esasy çykyş edijileriň biri Halkara energetika hartiýasynyň Baş sekretary Asuko Hirose bolar. Onuň gatnaşmagy energetika we ekologiýa durnuklylygy babatda halkara hyzmatdaşlygynyň wajyp ähmiýetini nygtaýar.

Hanym Hirose forumyň bäşinji mejlisinde çykyş eder. Bu mejlisde esasy üns metan we CO₂ zyňyndylaryny azaltmak strategiýalaryna, şeýle hem energetika pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga berler.

Türkmenistanyň Global metan ylalaşygyna gatnaşmagyna we Metan zyňyndylary boýunça Halkara gözegçilik merkezi (IMEO) bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berler.

Maksatnamanyň möhüm ugry anyk taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy bagyşlanar. Şolaryň hatarynda «Altyn asyr» kölüniň golaýynda 10 megawattlyk gibrid gün-ýel elektrik bekediniň gurluşygy bolup, bu taslamalar ýurduň gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmäge ymtylýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) bilen hyzmatdaşlygy we Hazar hem-de Aral deňizleriniň sebitlerinde birnäçe ekologiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Forumyň çäklerinde birnäçe esasy meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär:

• Senagatda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmagyň mehanizmleri
• Serhetara hyzmatdaşlygy ösdürmek
• Pes uglerodly taslamalaryň maýa goýum çekijiligini ýokarlandyrmak
• Energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak
• Ekologiýa taslamalaryna hususy maýa serişdelerini çekmek
• Howa şertleri boýunça maliýeleşdirme babatynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek

TEIF 2025 ýurtlaryň we işewürleriň wekilleriniň arasynda durnukly energetikany ösdürmek babatynda gepleşikleri pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança öwrüler, Halkara energetika hartiýasynyň gatnaşmagy bolsa ara alnyp maslahatlaşyljak başlangyçlara aýratyn ähmiýetlilik berer.

Foruma hasaba almaklyk eýýäm açyldy. Has giňişleýin maglumatlar üçin şu salgynma girip, alyp bilersiňiz: https://www.teif-turkmenistan.com, teif-turkmenistan.com/ru/registration.

Täzelikler

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

2025-12-20 / Syýasy

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» sammitine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: