Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistan GDA formatyndaky möhüm duşuşyklardyr maslahatlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle hem olaryň geçirilýän ýeri bolup durýar. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onuň gün tertibine girizilen ähli meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda we halkara derejede beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenildi. GDA döwletleriniň ählisinde bu şanly senä bagyşlanyp dürli çäreler guraldy. Arkalaşygyň ýurtlarynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikleri oturdyldy, köçelere beýik nusgawy şahyryň ady dakyldy. 1-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde dabaraly ýagdaýda açylan orta mekdep hem söz ussadynyň adyny göterýär. Şeýlelikde, Magtymguly Pyragynyň ýubileýi Arkalaşygyň medeni durmuşynda möhüm waka bolup, ruhy we ynsanperwer gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşan halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşant goşdy. Şeýle-de bu şanly senäniň hormatyna 11-nji oktýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum geçirildi. Oňa birnäçe döwletleriň, şol sanda GDA-nyň döwlet Baştutanlary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistan Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga çalyşýar. Hormatly Prezidentimiziň GDA-nyň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy we öňe sürýän anyk başlangyçlarydyr teklipleri munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň 8-nji oktýabrda Moskwada geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşandygyny bellemek gerek.
Dostlukly türkmen-rus gatnaşyklary barada aýdylanda, ol dürli ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi, iki ýurduň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Şunda Russiýanyň iri sebitleridir subýektleri, şol sanda möhüm ykdysady, ylmy we medeni merkezi Sankt-Peterburg şäheri bilen ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar hem esasy ugurlaryň hataryndadyr. Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri taraplaryň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşmagy hem munuň nobatdaky anyk güwäsidir.