Aşgabatda energetika boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň energetika boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. 18-nji noýabrda bolan mejlise gatnaşmak üçin Hytaýyň Energetika müdirliginiň başlygy Ç.Szýanhuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlisde birek-birege hormat goýmaga, özara bähbitlilige, dostlukly gatnaşyklara daýanýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar, şol sanda energetika boýunça ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Energetika, hususan-da, gaz pudagyndaky özara hereketler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirip, ony geljekde has-da ösdürmegiň iki tarap üçin hem wajypdygy nygtaldy.

Türkmen tarapy ýurtda milli ykdysadyýetde energetika pudagynyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly onuň kuwwatyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak bilen, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we iň gowy tejribeleri işjeň ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklady.

Hytaý tarapynyň wekilleriniň türkmen kärdeşleri bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda energetika pudagynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine degişli meseleler barada gürrüň edildi. Taraplar alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýyna syn berip, geljekki mümkinçilikler hakynda pikir alyşdylar.

Mejlisde türkmen tarapynyň wekilleri özara gatnaşyklary has-da ilerletmek maksady bilen, hytaýly kärdeşlerine birnäçe teklipleri beýan etdiler.

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň energetika boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisiniň ahyrynda degişli Teswirnama gol çekildi. Bu resminama energetika pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin şu gezekki geçirilen gepleşiklerde garalan meseleler boýunça alnyp barylmaly işleri özünde jemleýär.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: