Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen Pakistanyň federal energetika ministriniň duşuşygy boldy

16-njy oktýabrda türkmen wekiliýetiniň Pakistana amala aşyran saparynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň federal energetika ministri Musadik Masud Mälikiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini, hususan-da, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan - Owganystan - Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan taraplar sebitleýin gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ykdysady ösüşe itergi bermekde we gatnaşyjy ýurtlaryň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda iri taslamalaryň strategiki ähmiýetine ünsi çekdiler.

TOP elektrik geçirijisiniň we TOPH gaz geçirijisiniň Pakistanyň senagat elektrik zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda möhüm orun eýelejekdigi bellenildi.

Taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen peýdalanyljak ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça işiň tamamlanmagynyň ähmiýetine üns çekildi. Şeýle hem türkmen we pakistan taraplarynyň energetika pudagynda bilelikdäki hereketleri üçin "Ýol kartasyny" düzmek teklip edildi.

Taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen yzygiderli gatnaşyklary alyp barmak babatynda ylalaşdylar.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: