«Hyundai Engineering» Aşgabatda geçiriljek «OGT 2024» nebit-gaz forumynyň kümüş hyzmatdaşy boldy

Aşgabatda 23-25-nji oktýabr aralygynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” (OGT-2024) halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Çäre energetika pudagynyň durnukly ösüşine we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurtly maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilen sebit dialogynyň pugtalandyrylmagy üçin meýdança bolup, ol dünýä energetikasynda soňky tendensiýalar barada maglumatlary hödürlär.

Bu Maslahatyň kümüş hyzmatdaşlaryň biri hökmünde Günorta Koreýanyň Hyundai Engineering Co., Ltd. kompaniýasy çykyş edýär. 2009-njy ýylda işlenilip taýýarlamalary başlanan Türkmenistanyň tebigy gazynyň iň iri ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegine bu kompaniýanyň gatnaşmagy onuň Maslahatda möhüm ornuny kesgitleýär. Hyundai Engineering Co., Ltd. kompaniýasy bu taslamanyň çäginde gazyň kükürt arassalama zawodynyň gurluşygyna öz goşandyny goşdy.

Kompaniýa Türkmenistanda güýçli depginde işini dowam etdirmek bilen, nebiti gaýtadan işleýän taslamalara işjeň gatnaşýar. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda LG International Corporation kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda täze tehnologiýa ugurlaryornaşdyryldy. Gyýanly şäherçesinde gaz-himiýa toplumynyň gurulmagy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr. Taslamanyň umumy bahasy 3,4 mlrd amerikan dollara barabar boldy. Zawod Ýewropanyň we Ýewraziýanyň ekologiýa taýdan arassa tasalamalarynyň biri boldy.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-15 / Makalalar

GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: