ARKADAG «AKYLLY» ŞÄHERI «2024 WORLD SMART CITY EXPO» HALKARA SERGISINDE ÜÇ SANY BAÝRAGA MYNASYP BOLDY

2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Arkadag «akylly» şäheri Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýän «2024 World Smart City Expo» atly «akylly» şäherleriň halkara sergisiniň baýrak gowşuryş dabarasynda üç sany baýraga mynasyp boldy.

     Baýraklar sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýry ugurlar boýunça has tapawutlanan şäherlere hem-de kompaniýalara gowşuryldy. Arkadag «akylly» şäherine bu dabara gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji bolup baýraklaryň gowşurylmagy aýratyn bellemek gerek.

     Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapy şu aşakdaky üç baýrak bilen sylaglandy:

     – Iň tapawutlanan «akylly» şäher (Smart City Excellence Award);

     – Daşary ýurt «akylly» şäheri (Foreign city award);

     – «World Smart City Expo 2024»  halkara sergisine goşan uly goşandy üçin (WSCE 2024 Contribution Award)

     Baýrak gowşurylyş dabarasynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hoşallyk sözi bilen çykyş etdi.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: