Arassa energiýa geçmek Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipesidir

Şu gün «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Bu çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça döwletinde sanly ulgam arkaly hem şöhlelendirildi.

Forumyň açylyş dabarasyna pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, nebitgaz ugurly işewür düzümleriniň, maliýe institutlarynyň hünärmenleri, bu ulgamda işleýän kompaniýalaryň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar. Şu gezekki maslahat bu ulgamda işleýän dürli milli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Olar halkara, sebit we ýurt derejesindäki ýangyç-energetika toplumynyň geljegi bilen baglanyşykly strategiýany işläp düzmek meselesi boýunça çykyş etdiler. Şeýle hem dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ugurdaky marketing strategiýalary baradaky seljerme-syn maglumatlary bilen tanyşdyrdylar, toplan tejribelerini, täze işläp taýýarlamalary paýlaşdylar. Maslahatyň maksady Türkmenistanyň daşky gurşawy goramaga hem-de iri energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ylmy jemgyýetleriň we maliýe institutlarynyň arasynda “ýaşyl” geljege gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

«Energetika mümkinçilikleri, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we jähetleri» atly umumy mejlisiň dowamynda bilermenler bu maslahatyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň geljegine baha bermäge mümkinçilik berýändigini aýdyp, täze tehnologiýalary döretmegiň we arassa energiýa geçmegiň, ileri tutulýan ugurlary gözden geçirmegiň, energetika howpsuzlygynyň, daşky gurşawy goramak meselelerini çözmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýangyç-energetika ulgamynda toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi. Şol strategiýanyň möhüm düzüm bölekleri ekologiýa aýratyn üns berilýän öňdebaryjy tehnologiýalara hem-de işläp taýýarlamalara esaslanan ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmakdan, gazyp almak we gaýtadan işlemek pudaklarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakdan, mawy ýangyjy eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.

Mejlisiň dowamynda hünärmenler nebit senagatynyň işiniň ekologik taýdan arassalygyny üpjün etmegiň zerurdygy bilen baglylykda, ulanylýan tehnologiýalaryň adamyň daşky gurşawy goramak işjeňligine goşant goşmalydygyny nygtadylar. Şonuň üçin nebitgaz ýataklaryny rejeli özleşdirmek üçin täsirli we ekologik taýdan arassa usullaryň işlenip taýýarlanylmagy daşky gurşawy hapalanmakdan goramakda wajyp ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda toplanan öňdebaryjy tejribäni peýdalanmak, tebigaty goramagyň täze tehnologiýalary boýunça teklipler hem-de standartlar işlenip düzülýär. Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň iň täze enjamlarynyň we tehnologiýalarynyň ulanylmagy netijesinde, nebit hem-de gaz ýataklarynyň işjeň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly infrastruktura-da ösüş häsiýetine eýe bolar.

Soňra maslahatyň işi «Täze tehnologiýalar we energiýa geçişi boýunça geljege bolan garaýyş», «Uglewodorod önümçiliginde metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak», «Ýaşyl» energetikany ösdürmek ugrunda başlangyçlar we maliýeleşdirmegiň täze mümkinçilikleri» atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. Maslahatyň mejlislerine we pikir alyşmalaryna BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, «Capterio» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Mark Dewis, “SPE-International” guramasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika boýunça sebitleýin direktory Heşam Zubari, «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyň müdiriýetiniň agzasy Igor Zgurow, «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd», «Baker Hughes» «NaPeCo», «Mitro International», «ADNOC», «CNPC», «Eni S.p.A.», «Dragon Oil», «Lukoýl» ýaly meşhur kompaniýalaryň hünärmenleri, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), Ählumumy gaz merkeziniň, Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň, Nebit inženerleri jemgyýetiniň, Energetika hartiýasynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Ara alyp maslahatlaşmalara wideoaragatnaşyk arkaly iri halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň — BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň wekilleri hem goşuldylar. Mejlisleriň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenler çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, howanyň üýtgemegine garşy göreş dünýäniň ýurtlarynda energetika syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrülýär. Energetika pudagynyň geljegi, esasan, howanyň üýtgemeginiň nähili çözüljekdigine we belli bir ýurtda hem-de dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine bagly bolar. Halkara derejede howanyň üýtgemegini dolandyrmak boýunça ählumumy ulgamy guramak ugrundaky ilkinji ädimler 1992-nji ýylda ädildi, şonda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gol çekildi. Ondan soňra bolsa Ýer ýüzüniň howasyny dolandyrmak boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi.

Täzelikler

2024-12-17 / Syýasy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýranyň energetika ministri bilen duşuşyk geçirildi

2024-12-09 / Syýasy

Owganystan we Türkmenistan elektrik üpjünçiligi şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy

2024-12-07 / Syýasy

“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen ozal baglaşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi

2024-11-19 / Syýasy

Aşgabatda energetika boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi

2024-11-05 / Syýasy

Türkmenistanda CIET-2024 halkara forumy tamamlandy

2024-11-04 / Syýasy

Aşgabatda CIET-2024 Halkara sergisi açyldy

2024-11-04 / Syýasy

Türkmenistanda umumy kuwwaty 330 kW bolan iki sany täze elektrik bekedi ulanylmaga berildi

2024-10-26 / Syýasy

“Türkmenenergo” ýapon kompaniýasy bilen şertnamalary baglaşar

2024-10-25 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika ministri özbek kärdeşi bilen duşuşdy

2024-10-23 / Syýasy

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory bilen duşuşyk geçirildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: