Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly çärelere gatnaşdy

Şu gün goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda umumymilli baýramlar aýratyn giň gerimi bilen tapawutlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Magtymguly Pyragy Watanymyzyň häzirki döwrüni gören bolsady, onda ol ýurdumyzyň ösüp-özgerendigine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyna guwanardy. Çünki türkmen halky beýik akyldaryň wasp eden dogruçyllyk, asyllylyk, watansöýüjilik, goňşulara hormat goýmak, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, parahatçylyk söýüjilik taglymlaryna ygrarlylyk ýaly adamzadyň iň gowy häsiýetlerini asyrlaryň dowamynda aýawly saklap, has-da ösdürmegi başardy. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenilýän günlerinde onuň Ýer ýüzüniň ähli ýaşaýjylaryny parahat ýaşaýşa we dost-doganlyga çagyrýan şahyrana şygyrlarynyň dünýäniň onlarça diline terjime edilip, çapdan çykarylandygyny bellemek gerek.

Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaralar geçirildi. Olara belli artistler, aýdym-saz, tans we folklor toparlary gatnaşdylar. Dabaralarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, halkymyzyň jebisligini, mähriban topragymyzyň gözelligini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatyny wasp edýän aýdymlar belentden ýaňlandy.

Täzelikler

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: