Ýurdumyzda täze desgalaryň ulanmaga berilmegi

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary ýörite meýdança gondy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerden ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardy. 2005-nji ýylda ulanmaga berlen Bäherden sement zawody Merkezi Aziýa sebitinde şeýle kärhanalaryň iň irileriniň biridir. Zawodyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Beýik bina” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Şeýle hem bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine Germaniýanyň önümçilik işini meýilnamalaşdyrmak we sement senagaty üçin taslamalary dolandyrmak boýunça hyzmatlary hödürleýän “KHD Humboldt Wedag” iri inženerçilik kompaniýasy çekildi. 250-ä golaý iş orny döredilen täze zawodda ýokary hilli sementiň “PS-400”, “PS-500”, “PS-600” görnüşleri hem-de sulfata durnukly portlandsement öndüriler. Ähli önümçilik işiniň doly awtomatlaşdyrylmagy, zawodyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli işi üçin amatly şertleriň döredilmegi bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginde esasy şert bolup durýar. Beýleki desgalarda bolşy ýaly, bu zawodda hem önümçiligiň ekologik taýdan arassalygyna, ähli bellenen kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berildi. Bu bolsa ýurdumyzdaky iri senagat desgalarynyň gurluşygyna bildirilýän üýtgewsiz talaplaryň biridir. Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryna ýokary hilli ýolagçy hyzmatlaryny ýola goýmak üçin niýetlenen täze, döwrebap awtobuslaryň 200-e golaýyny sowgat berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda ýene bir iri durmuş maksatly desganyň — Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýerleşýän, kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Täze toplum ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň häzirki zaman ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edilendir. Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda jemi 162 öýli, 9 gatly 10 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy we Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesinde 320 orunlyk çagalar bagy gurlar.

Täzelikler

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: