“Döwletenergogözegçilik” kärhanasynyň düzümine Aşgabat, Ahal, Balkan, Türkmenbaşy, Mary, Lebap we Daşoguz bölümleri girýär. Bu kärhana senagat önümi bolup durýan elektrik energiýasynyň hasabyny ýöredýän, üpjün edijileriň we sarp edijileriň arasynda pul hasaplaşygyny amala aşyrýan, energiýa serişdeleriniň rejeli we tygşytly sarp edilişini, elektrik energiýasynyň hasabynyň ýöredilmegini dogry guraýan öňdebaryjy gurluş birlikleriniň biri bolup durýar. Şeýle-de bu kärhana elektrik hasaplaýjy enjamlary sarp edijilere ýerlemek, olary abatlamak we gurnamak işlerini hem ýerine ýetirýär.