Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby elektroenergetika bagyşlandy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen kitaby «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» diýlip atlandyrylýar diýip, TDH habar berýär.

Bu neşire Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen şu ýylyň 3-nji sentýabrynda geçiren duşuşygynda sözlän sözi girizildi.

Kitapda Türkmenistanyň elektroenergetika strategiýasyna, bu ulgamda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň hem-de iri taslamalaryň, olaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýetirýän oňyn täsiriniň netijelerine seljerme syny berilýär.

Täze kitabyň dürli fotosuratlar bilen bezelmegi bu pudakda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýokary depginleri, elektrik stansiýalarynda alnyp barylýan işler hem- de olaryň enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin düşünje almaga ýardam berýär.

Kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda neşir edilendir we giň okyjylar köpçüligi — alym-energetikler, syýasatşynaslar, ykdysatçy alymlar, mugallymlar we talyplar üçin niýetlenendir.

Täzelikler

2022-10-05 / Beýlekiler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylaryny Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady

2022-10-04 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

2022-10-01 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisiniň dowamynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini giňden ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2022-09-30 / Beýlekiler

A.Aşirow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentligine saýlanyldy

2022-09-29 / Beýlekiler

Döwlet Baştutanymyz Polşanyň Prezidentine Gutlag iberdi

2022-09-28 / Beýlekiler

Energetika ulgamynyň wekilleri baýramçylyk mynasybetli dabaraly ýörişe gatnaşdylar

2022-09-27 / Beýlekiler

Türkmenistanda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bellenilýär

2022-09-26 / Beýlekiler

Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy

2022-09-24 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde Döwlet Maslahaty geçirildi

2022-09-23 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: