Saud Arabystanynda Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň we Merkezi Aziýa döwletleriniň sammiti geçiriler

19-njy iýulda Jidda şäherinde Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň we Merkezi Aziýa döwletleriniň sammiti geçiriler diýip, «Orient» «Saudi Gazette» internet-neşirine salgylanmak bilen habar berýär.

Geçen ýylyň awgust aýynda Türkmenistan we Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi Aşgabatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler, ol, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady ulgamda, energetika, suw üpjünçiligi we azyk howpsuzlygy pudaklarynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi – alty sany arap döwletini: Bahreýni, Katary, Kuweýti, Birleşen Arap Emirliklerini, Omany we Saud Arabystanyny öz içine alýan sebitleýin guramadyr diýlip, çeşmede bellenilýär.
 

Täzelikler

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: