Möwsümleýin oba hojalyk işleri nobatdaky iş maslahatynda seredilen esasy mesele boldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 16-njy maýda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Onda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda hem-de welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, bazar bolçulygy, welaýat häkimlikleriniň ähli düzümlerinde, degişli edara-kärhanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler, ýerler alnyp barylýan gurluşyklar bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, orak möwsümine taýýarlyk işleriniň, onda işlediljek kombaýnlaryň, kabul ediş bölümleriniň we awtoulaglaryň möwsüme taýýarlygy häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmelidigini aýtdy. Şunda ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak üçin guramaçylyk hem-de kombaýnlary sazlaýjy, abatlaýjy toparlary döretmek, şol bir wagtyň özünde tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işlerine ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bir hatarda, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmegini gazanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny belledi. Welaýatlarda pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur tagallalar edilmelidir.

Welaýatlaryň ilatynyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda tamamlanmagy hem-de olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynda uly rowaçlyklary arzuw etdiler.

Täzelikler

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: