Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi

13-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogy geçirildi. Oňa sebitiň bäş ýurdunyň hem-de Russiýanyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Forumyň açylyş dabarasynda bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda dialogyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllyk şanly senesiniň öň ýanynda geçirilmeginiň çuň many-mazmuna eýedigi bellenildi.

Aşgabatda zenanlaryň forumyny geçirmek başlangyjy bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edipdi. Şu ýyl biziň ýurdumyz dialoga başlyklyk edýär.

Duşuşyk Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirildi. Onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy, GDA ýurtlarynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň we  BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň gutlag sözleri diňlenildi.

Plenar mejlisiň dowamynda çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mejlisiniň durmuş-medeni ösüşi boýunça komitetiniň başlygy Jamila Nurmanbetowa, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragynyň orunbasary Jamilýa Isaýewa, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Galina Karelowa, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlaryň we maşgalanyň işleri boýunça komitetiň başlygy Hilolbi Kurbanzoda, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy A.Durdyýewa, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň hem-de Russiýanyň milli tejribesi, wekilçilik edýän ýurtlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, kanunçylyk we institusion esaslary kemala getirmek hem-de pugtalandyrmak arkaly gender deňligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyrdylar.

Mejlisiň dowamynda BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, syýasatyň bu ugurda gazananlaryny, zenanlaryň hukuklaryny hem-de bähbitlerini gorap saklamak, olaryň syýasy-ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky möhüm meseleler boýunça çözgütleri kabul etmekde ornuny işjeňleşdirmek üçin döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna zenanlaryň gatnaşygyny ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşyjylar umumy bähbitlere laýyk gelýän sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça täze pikirleri we teklipleri öňe sürdüler.

Forumyň netijeleri boýunça Jarnama kabul edildi we dialogyň Düzgünnamasyna hem-de 2022-nji ýyl üçin işleriň Meýilnamasyna gol çekildi.

Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylar Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezine bardylar. Olar bu ýerde milli däp-dessurlary, halklaryň ruhy hem-de medeni mirasyny gorap saklaýan zenanlaryň ussatlygyny we ukyplaryny, olaryň döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryndaky eýeleýän orunlaryny hem-de ýeten sepgitlerini beýan edýän giň möçberli sergi bilen tanyşdylar.

Täzelikler

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: