Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

13-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berýär. 

Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Premýer-ministr Fumio Kisida köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz hem öz gezeginde ýurduň Hökümet Baştutanyny hem-de onuň üsti bilen Ýaponiýanyň ähli dostlukly halkyny şanly sene bilen gutlap, geçen 30 ýylda özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmeginde uly ösüşlere ýetilendigini, Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň syýasy gatnaşyklary, netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy ýurtlarymyzyň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellediler. Olar özara bähbitli gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilik döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Günüň dogýan ýurdy bilen döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, geljekde-de ýapon kompaniýalarynyň Diýarymyzda netijeli işlemegine zerur goldawyň beriljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Kumamoto şäherinde geçiriljek dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin Ýaponiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda suw serişdeleriniň tygşytly hem-de netijeli peýdalanylmagynyň durnukly ösüşiň esasy kepili bolup durýandygyny nygtady.

Täzelikler

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: