Möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bagly iş maslahaty geçirildi

Sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmegiň wajyp meseleleri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen 4-nji aprelde geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň özenini düzdi.

Maslahatyň barşynda döwlet Baştutany ýurduň welaýatlarynda möhüm oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ýüpek gurçugyny idetmek möwsüminiň guramaçylyk meseleleri, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň we beýleki inženerçilik desgalarynyň gurluşygy baradaky hasabatlary diňledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, degişli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem ýerlerde bag nahallaryny ekmek, tokaý zolaklaryny döretmek bilen bir hatarda, ekilen baglara ideg işleri yzygiderli alnyp barylmalydyr. Şol bir wagtyň özünde pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýerlerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň, aýratyn-da, durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belläp, bu işleriň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýeti bolan şanly seneler barada aýdyp, olaryň, hususan-da, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Täzelikler

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: