Aşgabatda ekologiki çäre geçirilýär

4-nji aprelde paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralýan giň möçberli ekologiki çäre badalga aldy diýip, Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Çäre mynasybetli hepdäniň dowamynda, ýagny 4-11-nji aprel aralygynda sagat 8.00-dan 18.00-a çenli paýtagtyň köçeleri diňe şäheriçi awtobuslar, taksi awtoulaglary, şeýle hem ilata hyzmt edýän beýleki jemgyýetçilik ulaglary üçin açyk bolar.

Ekologiki çäre ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralýar. Baýramçylyk güni – 7-nji aprelde Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler we oňa «Welosiped» binasynda badalga berler.

Ähli isleg bildirýän ýaşaýjylar we sagdyn durmuş ýörelgesine eýerijiler Watanymyzyň köçelerine we şaýollaryna welosipedli ýörişe gatnaşmak üçin çagyrylýar.

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkyň saglygyny we bagtyýar ýaşaýşyny berkitmek ugrunda alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegidir.

Täzelikler

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: