Türkmenistanyň energetika ministrligi

Bäsleşik

Türkmenistanyň Energetika ministrligi Ahal-Balkan we Balkan-Daşoguz ugurlary boýunça ýokary woltly elektrik geçirijileriniň hem-de ugurdaş podstansiýalaryň gurluşygy üçin enjamlaryň, materiallaryň we tehniki serişdeleriň, şeýle hem elektrik geçirijileriň ulgamy üçin telemehanika, kommunikasiýa we SCADA ulgamynyň taslamasyny düzmek, getirmek, gurnamak, ulanyşa girizmek lotlary boýunça halkara bäsleşigini yglan edýär.

 

Bölünmeýän lot 1-Daşoguz 500 kW podstansiýanyň gurluşygy üçin                 enjamlaryň, şaýlaryň we materiallaryň getirilmegi;

 

Bölünmeýän lot 2-Balkan 500 kW podstansiýasynyň gurluşygy üçin                 enjamlaryň, şaýlaryň we materiallaryň getirilmegi;

 

Bölünmeýän lot 3- Daşoguz DES-iň 220 kW podstansiýasynyň gurluşygy üçin enjamlaryň, şaýlaryň we materiallaryň getirilmegi;

 

Bölünmeýän Lot №4- Serdar 220 kW podstansiýanyň gurluşygy üçin                 enjamlaryň, şaýlaryň we materiallaryň getirilmegi;

 

Bölünmeýän Lot №5 Balkan –Daşoguz 500 kW bir halkalaýyn elektrik geçirijisiniň gurluşygy üçin enjamlaryň, şaýlaryň we materiallaryň getirilmegi;

 

Bölünmeýän Lot №6- Gurtly-Serdar 220 kW iki halkalaýyn elektrik geçirijisiniň, Serdar-Balkanabat 220 kW ikihalkalaýyn elektrik geçirijisiniň, Daşoguz-Daşoguz DES 220 kW elektrik geçirijisiniň gurluşygy üçin enjamlaryň, şaýlaryň we materiallaryň getirilmegi;

 

Bölünmeýän Lot №7- elektrik geçirijileriň ulgamy üçin telemehanika, kommunikasiýa we SCADA ulgamynyň taslamasyny düzmek, getirmek, gurnamak, ulanyşa girizmek;

 

Bölünmeýän Lot №8- gurluşyk, gurnama we ulanyşa girizmek üçin tehnikanyň getirilmegi.

 

Gerekli resminamalar:

 

Türkmenistanyň Energetika ministriniň adyna  bäsleşige gatnaşmak islegi barada gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezip, ýazmaça arza bermeli;

Türkmenistan, Aşgabat ş., 2022 köçe, 55 jaý salgyda ýerleşýän Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Uzak möhletleýin ösüş, täze tehnologiýalary ornaşdyryş we düýpli gurluşyk bölüminden lotlaryň ýöriteleşmesini, tehniki talapnamasyny we bäsleşigiň resminamalarynyň bukjasyny  1-nji lotdan 6-njy lota çenli we 8-nji lot üçin hersine 575 amerikan dollaryny (bank tölegsiz), şeýle hem 7-nji lot üçin 1 725 amerikan dollaryny (bank tölegsiz) töläp alyp bolar;

1-nji lotdan 6-njy lota çenli we 8-nji lot üçin bäsleşik boýunça teklipler 2019-njy ýylyň 2-nji ýanwaryna 14:00 çenli; 7-nji lot boýunça 2018-nji ýylyň 19-njy dekabryna 14:00 çenli kabul ediler.

Bäşleşige teklipleriň bukjasy pul serişdesi hasaba geçirilenden soň kabul ediler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 37-94-31, 37-94-33, 37-94-52.