Türkmenistanyň energetika ministrligi

Sergi

         Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýadawsyz aladalary netijesinde Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagy ýylsaýyn özgerýär we onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalanýar.

         Pudagyň ösüş meýilnamalaryna laýyklykda, geljekde döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden giňden peýdalanmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin bu işlerde ýerli kompaniýalar bilen birlikde daşary ýurt kompaniýalary bilen hem hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berilýär.

         Bu maksatlara ýetmekde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 12-14-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde geçirjek “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň ähmiýeti uludyr.

         Sergide özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmak, tejribelerini paýlaşmak, amatly geleşikleri baglaşmak isleýän ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň elektrik energetikasy babatda işleri alyp barýan döwlet kärhanalaryny we hususy kompaniýalaryny halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň işine gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýarys.

 

Guramaçylyk topary