Lotlar boýunça “Elektrik Energiýasynyň Hasabat Merkezini” döretmek üçin enjamy we programma üpjünçiligini getirmek

Türkmenistanyň Energetika ministrligi Bäsleşik yglan edýär.

Lotlar boýunça “Elektrik Energiýasynyň Hasabat Merkezini” döretmek üçin enjamy we programma üpjünçiligini getirmek.

 

Bölünmeýän lot  №1 “Elektrik energiýasynyň hasabat merkeziniň Hasaplaşyk merkeziniň” programma üpjünçiligi üçin hyzmat ediş enjamy satyn almak.

Bölünmeýän lot №2 “Elektrik energiýasynyň hasabat merkeziniň Hasaplaşyk merkeziniň” programma üpjünçiligi üçin enjamy satyn almak.

 

Size hödürlenýär.

  • Türkmenistanyň Energetika ministriniň adyna bäsleşige gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitini görkezmek bilen ýazan arzasy. Lotyň ýöriteleşmesini we tehniki talaplaryny Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň uzak möhletleýin ösüş, täze tehnologiýalary ornaşdyryş we düýpli gurluşyk bölüminden şu salgy boýunça: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 2022-nji köçe, 55-nji jaý. alyp bolar.
  • Bäsleşik boýunça resminamalaryň toplumyny lot üçin 500 amerikan dollaryny (manatdaky oruntutaryny) (goşulan baha üçin salgydy hasaba almazdan we bank tölegsiz) töläp alyp bilner.
  • Bäsleşik boýunça teklipler 2018-nji ýylyň 29-njy ýanwary, sagat 16:00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik boýunça teklipleriň toplumy pul serişdesi hasaba geçenden soň seredilmek üçin kabul edilýär.

 

Habarlaşmak üçin telefonlar: 379431; 379433