Türkmenistanyň energetika ministrligi

В настоящий момент сайт проходит доработку и наполнение, поэтому просим Вас отнестись с пониманием к тому, что не все разделы сайта функционируют в полном объеме.

Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi açyldy

2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işine başlady. Mejlis Türkmenistanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirildi.

Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň işine 49 sany agza döwletiň hem-de synçy ýurtlaryň  ministrlikleriniň we edaralarynyň, 12 sany halkara we sebitleýin guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, 14 sany iri energetika kompaniýalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyşynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Başlygy             M.Babaýew giriş sözi bilen çykyş edip, Türkmenistanyň bu abraýly gurama Başlyklyga saýlanmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň energetika howpsuzlygyna, aýratyn-da, energiýa serişdeleriniň ygtybarly üstaşyr geçirilmegine degişli halkara başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy hasaplanylýar diýip öz çykyşynda belledi.

Türkmenistanyň Başlyklyk eden döwründe Halkara Energetika Hartiýasyna 7 döwletiň goşulandygy habar berildi. Täze goşulan ýurtlaryň - Gambiýanyň, Nigeriýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň çykyş eden wekilleri Energetika Hartiýasyny hyzmatdaşlyk üçin ýeke-täk meýdança diýip atlandyrdylar we has durnukly energetika geljegini üpjün etmekde bu guramanyň ähmiýetli ornuny bellediler.

Resmi açylyşdan soň, Energetika Hartiýasynyň baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Energetika Hartiýasynyň işiniň ösüşine aýratyn goşant goşandygy üçin Ýaponiýanyň Ýewropa Bileleşigindäki Ilçisi Kazuo Kodamo baýraga mynasyp boldy.

Soňra mejlisiň hukuk bölümi geçirilip, onda Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak hasabat bilen çykyş etdi. Baş sekretar Türkmenistanyň dünýäde baý energetika mümkinçiliklerine eýe bolmak bilen öndüriji ýurt hökmünde hem, üstaşyr geçiriji we sarp ediji hökmünde hem gyzyklanmalaryň derejesini saklamak ýörelgelerinde gurlan ählumumy energetika howpsuzlygynyň durnukly arhitekturasyny döretmäge ymtylýandygyny belledi.  

Mejlisiň dowamynda býujet meseleleri we indiki ýylda edilmeli işleriň Maksatnamasy, 2018-2020-nji ýyllarda Başlyklyk etmäge dalaşgär ýurtlar ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem  “Energetika pudagynda maýa goýum töwekgelçilikleriniň bahasy” diýen temada çykyş, Energetika Hartiýasynyň kömekçi toparlarynyň we Senagat geňeşmeler toparynyň hasabatlary diňlenildi.

Şonuň ýaly-da, mejlisiň çäklerinde „Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama“,  „Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak barada hatlary alyşmak hakynda Teswirnama“ gol çekildi.

29-njy noýabrda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasy öz işini dowam etdi. Maslahatyň 28-nji mejlisiniň jemleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.