Kuwwatlylygy 2 kWt bolan ýel elektrik stansiýasy.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw merkezinde kuwwatlylygy  2 kWt bolan ýel elektrik stansiýasy gurnalan. Bu ýel elektrik stansiýasy dünýäniň ösen ýurtlarynda ulanylýan  ýel elektrik stansiýalarynyň işleýşini ýakyndan öwrenmäge hem-de ýel energiýasyny peýdalanyp elektrik energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasyny özleşdirmäge uly mümkinçilik  berýär.