Türkmenistanyň energetika ministrligi

В настоящий момент сайт проходит доработку и наполнение, поэтому просим Вас отнестись с пониманием к тому, что не все разделы сайта функционируют в полном объеме.

METALLARY IŞLÄP BEJERMEGIŇ TEHNOLOGIK OKUW MERKEZI

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda öňde baryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan “Metallary işläp bejermegiň tehnologik okuw merkezi” işe girizildi.

Tehnologik okuw merkeziniň umumy meýdany 396, binada 14 sany dürli kysymly we dürli maksatly işleri ýerine ýetirmäge niýetlenen stanoklar gurnaldy.

Tehnologik okuw merkezi  “Metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlary” hünärinde okaýan talyplaryň degişli dersleri boýunça tejribelik okuwlaryny gurnamaga, ýyllyk işlerini ýerine ýetirmäge we ylmy-barlag işlerini geçirmäge uly mümkinçilikleri döredýär.