Türkmenistanyň energetika ministrligi

В настоящий момент сайт проходит доработку и наполнение, поэтому просим Вас отнестись с пониманием к тому, что не все разделы сайта функционируют в полном объеме.

GAZ TURBINA SIMULÝATORY

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Elektrik stansiýalary” kafedrasynda tejribe işlerini geçirmeklik üçin niýetlenen gaz turbina simulýatory ornaşdyryldy. Gaz turbina simulýatory häzirki wagtda dünýä ylmynyň soňky gazanan täze tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny işe goýbermek, dolandyrmak we zerur bolanda iş ýagdaýyndan saklamak üçin ulanylýar. Gaz turbina simulýatorynda talyplar tejribe işlerini geçirip, gaz turbina desgalarynyň işleýşini we dolandyrylyşyny özleşdirip, gaz turbinalaryň iş ýagdaýynda ýüze çykýan kemçilikleriň öňüni almaklygy we olary öz wagtynda düzetmekligi öwrenýärler.