Kuwwatlylygy 12 MWt bolan gaz turbina desgasy.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw merkezinde kuwwatlylygy 12 MWt bolan gaz turbina desgasynyň düzülen we sökülen görnüşleri gurnalan. Gaz turbina desgasy talyplaryň nazarýetde alan bilimlerini özleşdirmäge, ol ýerde ölçegleri geçirmäge hem-de gaz turbina desgasynyň enjamlaryny aýry-aýrylykda öwrenmäge uly mümkinçilik berýär. Bu bolsa talyplaryň geljekde Watanymyzda hereket edýän gaz turbina elektrik stansiýalarynda işlejek ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly ýardam berýär.