Türkmenistanyň energetika ministrligi

В настоящий момент сайт проходит доработку и наполнение, поэтому просим Вас отнестись с пониманием к тому, что не все разделы сайта функционируют в полном объеме.

AŞGABAT ŞÄHERINIŇ ELEKTRIK ÜPJÜNÇILIGINIŇ YGTYBARLYLYGYNY ÝOKARLANDYRMAK TASLAMASY

 

Türkmenistanyň  paýtagty Aşgabat  şäheriniň  elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň durkuny täzelemek  maksady bilen  uly möçberli işler  ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda  paýtagt şäherimiziň  elektriküpjünçiligi ulgamlarynda elektrik energiýasyny  gyradeň paýlamak we elektrik togunyň güpjenmesini  we ýygylygyny  talabalaýyk saklanylmagyna niýetlenilen desgalaryň 3 tapgyrlaýyn toplumlary guruldy we işe  girizildi.   Taslamanyň çäklerinde Aşgabatenergo önümçilik birleşiginiň  „Paýtagt“  dispetçer  merkezi  we  güýjenmesi  220 kilowolt elektrik beketleriniň  5 sanysy, güýjenmesi  110 kilowolt elektrik beketleriniň  22 sanysy, güýjenmesi  35 kilowolt elektrik beketleriniň  29 sanysy  gurulyp, işe girizildi.  Şeýlehem güýjenmesi  10  kilowolt   transformator we paýlaýjy beketleriň  jemi 140 sanysy gurulyp, işe girizildi. Howa we kabel elektrik geçiriji ulgamlaryň  degişlilikde  83,2  we 785,1 kilmetri  guruldy  hem-de ulanmaga tabşyryldy.  Gurulan elektrik  beketlerinde  dünýäniň öňde baryjy kompaniýalary  bolan   „General Elektrik“,  „Sehnaider“, „Simens“, „Alstom“  kompaniýalarynyň  önümleri  gurnaldy  we  häzirki zaman tehnologiýalary  ornaşdyryldy.  Elektrik  beketlerde  wideogözegçilik ulgamlary, häzirki zaman elektrikhasaplaýjylary  we  awtomatiki dolandyryş ulgamlary gurnaldy. Bu desgalaryň  ählisi  akmermerli, ak şäherimiz  Aşgabat  şäheriniň  arhitektura görnüşini  hasaba  alyp, şäheriň binalary bilen utdaşdyrylyp  gurnaldy.

Aşgabatenergo önümçilik birleşiginiň  „Paýtagt“  dispetçer  merkezi Aşgabat  şäheriniň  elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň durkuny täzelemek  maksady bilen ýerine ýetirilen taslamanyň  çäklerinde  gurulyp, merkezde  häzirki zaman ösen tehnologiýalar  gurnaldy  we  bu ýerde zähmet çekjek  hünärmenle  üstünlikli zähmet çekmek üçin oňaýly şertler döredildi.  Merkeziň  şäher arhitekturasynyň talaplaryna laýyk gelýän  2 gatdan ybarat  binasy  paýtagt şäherimiziň  ýaşaýyş  toplumynyň merkezinde ýerleşýär. Binanyň 1-nji gatynda dispetçer nokady ýerleşdirilen. Dispetçer nokadynyň kömegi bilen Aşgabat şäheriniň energoulgamy dolandyrylýar. Gurnalan minitorda energoulgam baradaky ähli maglumatlar  çyzgylar  arkaly  görkezilýär. Maglumatlaryň  ählisi  optiki-süýümli  geçirijileriň kömegi bilen alynýar. 

Elektrik beketlerindäki  enjamlary we elektrikgeçiriji ulgamlary  uzak aralykdan  distansion işe goşmak we işden çykarmak  mümkinçiliginiň  bolmagy Dispetçer merkeziniň  esasy aýratynlyklarynyň biridir.

Merkeze  gelip gowşan maglumatlaryň esasynda  seljerme geçirilip, enjamlaryň  işini dowam etdirmek  ýa-da  abatlaýyş, tehniki hyzmat  çärelerini  geçirmek barada netije çykarmaga  dispetçer merkezinde ähli mümkinçilikler bar. 

„Paýtagt“  dispetçer  merkezi  Aşgabat şäheriniň energoulgamynyň bir bölegi bolmak bilen, ol şäheriň  energoulgamyny dolandyrýan toplumdyr.  „Paýtagt“  dispetçer  merkezi  Türkmenistanyň  Energetika ministrliginiň merkezi  dispetçer müdürligi bilen utgaşykly işlemäge ukyplydyr.

„Paýtagt“  dispetçer  merkeziniň  işe  girizilmegi Aşghabat şäheriniň energoulgamynyň  işine gözegçilik etmäge, elektrik energiýasynyň akymyny netijeli  dolandyrmaga, zerurlyk çykanda  elektrik enjamlaryň abatlaýyş işlerini dogry gurnamaga  we energetiki  desgalaryň  bökdençsiz işlemegini üpjün etmäge  ýardam berdi.