Türkmenistanyň energetika ministrligi

В настоящий момент сайт проходит доработку и наполнение, поэтому просим Вас отнестись с пониманием к тому, что не все разделы сайта функционируют в полном объеме.

KUWWATLYLYGY 1574 MWT BOLAN UTGAŞYKLY DOLANYŞYKDA IŞLEÝAN MARY DÖWLET ELEKTRIK STANSIÝASY TASLAMASY

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, hereket edýän Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar. Gaz we bug turbinalaryň hem-de kotýol-utilizatorlaryň gurnama işleri güýçli depginde dowam edýär.

Elektrik stansiýanyň gurluşyk işleriniň göwrüminde 4 sany gaz turbina we 2 sany bug turbinalaryny gurnalýar. Gaz turbina desgalarynyň hersiniň kuwwatlylygy 263 MWt, bug turbinalaryň hersiniň kuwwatlylygy 267 MWt deň. Ýokary basyşly aşa gyzdyrylan bug öndürmek üçin - hersiniň öndürijiligi 360 tonn/sag bolan 4 sany kotýol utilizatorlar gurnalýar.

Ýönekeý dolanşykda işleýän gaz turbina desgalaryndan tapawutlylykda, utgaşykly dolanşykda işleýän desgalarda gaz turbinalaryň ýanma önümleriniň gyzgynlygy kotýol-utilizatorlara berilýär, netijede aşa gyzdyrylan ýokary basyşly bug öndürilýär we onuň kömegi arkaly generator bilen bir walda oturan bug turbinasy herekete getirilýär  hem-de elektrik energiýasy öndürilýär.

Öndürilen elektrik energiýasy 110/220/500 kW güýjenmeli açyk paýlaýjy gurluşlary arkaly Türkmenistanyň bitewi energoulgamyna beriler. Açyk paýlaýjy gurluşlaryň gurluşyk işleri dowam edýär we olarda dünýäniň belli kompaniýalarynyň önümleri gurnalýar.

Elektrik stansiýanyň çäklerinde wideo gözegçilik enjamlary gurnalar, bu bolsa öz gezeginde çylşyrymly enjamlaryň tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmäge we olary dogry ulanmaga kömek eder.

1) Elektrik stansiýanyň peýdaly täsir koefisienti 56 göterim bolar, bu bolsa ýönekeý dolanşykda işleýän desgalaryňka garanyňda 22 göterim  artykdyr.

2) Her ýylda 1 mlrd. 100 mln m3  tebigy gaz tygşytlanar.

3) Ýanma önümleriniň atmosfera zyňylýan temperaturasy 100 gradusa çenli peseldiler, ýagny ýönekeý dolanşykda işleýän desgalaryňka garanyňda 440  gradus pes  bolar.

4) Daşky gurşawa zyňylýan parnik emelegetiriji gazlaryň mukdary 3 mln 100 müň tonna azalar.

5) Elektrik energiýasyny sarp edijileri ýokary hilli elektrik energiýasy bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny we eksport maksatlary üçin tehniki mümkinçiliklerini  artdyrar.

Elektrik stansiýada ýangyjy sarp etmegiň azalmagy netijesinde, daşky gurşawa zyňylýan ýanma önümleriň zyňylmagy peseler, bu bolsa öz gezeginde daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleleri çözmekde degerli ýardam berer.