Türkmenistanyň energetika ministrligi

В настоящий момент сайт проходит доработку и наполнение, поэтому просим Вас отнестись с пониманием к тому, что не все разделы сайта функционируют в полном объеме.

„Türkmenenergo“ döwlet elektroenergetika korporasiýasy

         Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatymyzyň durmuş-hal ýagdaýlaryny gowulandyrmak ugrunda edýän  tagallalary bilen ýurdumyz öz geljegine tarap ynamly öňe barýar.

          Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanan ilkinji günlerinde ýurdumyzyň ilatynyň elektrik togundan, gazdan, suwdan we nahar duzundan mugtuna peýdalanjakdygyny aýtdy. Bu bolsa türkmen energetikleriniň hem öňünde jogapkärli wezipeleri goýýar.

         Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda geçirýän giň möçberli özgertmeleri netijesinde peýda bolýan täze-täze ýaşaýyş jaýlaryny, senagat kärhanalaryny, halk hojalygynyň sarp edijilerini elektrik hem-de ýylylyk energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmek, artykmaç elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň paýyna düşýän esasy wezipedir. Bu wezipeleriň çözülmegine  Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň düzümine girýän “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň goşýan goşandy uludyr.  „Türkmenenergo“ döwlet elektroenergetika korporasiýasy elektroenergetika desgalaryny ulanýan we olara hyzmat edýän, halk hojalygynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy we birnäçe şäherleri ýylylyk energiýasy bilen üpjün edýän, şeýle hem türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara iberýän ulgamlaýyn gurama bolup durýar.

 

Türkmenenergo“ döwlet elektroenergetika korporasiýasy

       Elektrik energiýasyny öndürmek, senagaty we ilaty elektrik hem-de ýylylyk energiýasy bilen üpjün etmek, ony daşary ýurtlara ibermek, elektrik stansiýalaryny we elektrik ulgamlaryny gurmak, ulanmak hem-de abatlamak „Türkmenenergo“ döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň esasy wezipeleri bolup durýar. Bu wezipeleri „Türkmenenergo“ döwlet elektroenergetika korporasiýasy özüniň garamagyndaky elektrik stansiýalarynyň, önümçilik birleşikleriniň we beýleki düzüm bölekleriniň üsti bilen ýerine ýetirýär.

       Häzirki wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň düzümine jemi bellenilen kuwwatlylygy 5178,4 MWt bolan 12 sany döwlet elektrik stansiýasy, 6 sany önümçilik birleşigi,  “Türkmenenergoabatlaýyş” ýöriteleşdirilen önümçilik birleşigi, “Döwletenergogözegçilik” kärhanasy, Aşgabat şäheriniň yşyklandyryş nokatlaryna hyzmat edýän Şäher yşyklandyryş müdirligi, “Energoenjam” kärhanasy, “Maryenergoüpjünçilik” söwda üpjünçilik kärhanasy girýär.

      Türkmenistanyň ilkinji elektroenergetika desgasy bolan Hindiguş gidroelektrik stansiýasy 1913-nji ýylda Murgap derýasynyň kenarynda guruldy. Güýjenmesi 16,5 kW, uzynlygy 38,7 km bolan  elektrik geçirijili elektrik stansiýasynda Awstro-Wengriýanyň “Gans” kompaniýasynyň her biriniň kuwwatlylygy 400 kWt bolan,  jemi kuwwatlylygy 1,2 MWt-a deň bolan üç sany gidroturbinasy oturdylan. Gurlanyna esli wagt geçip (102 ýyl), energetika pudagynyň özboluşly muzeýine öwrülen bu elektrik stansiýasynda häzirki güne çenli hem elektrik energiýasynyň öndürilmegi dowam etdirilýär.

 

“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň düzümi

         Abadan döwlet elektrik stansiýasy 1957-nji ýylda ulanyşa girizildi. Bu desga Türkmenistanda şol döwürde ilkinji iri elektrik stansiýasydy. Häzirki wagtda agzalan moral we fiziki taýdan könelişen turbinalaryň ornuna hersiniň kuwwatlylygy 123 MWt bolan iki sany gaz turbina desgasy gurnaldy.

         Aşgabat döwlet elektrik stansiýasy 2006-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramçylygyna bagyşlanyp ulanyşa girizildi. Ol Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýär. Bu ýerde jemi kuwwatlylygy 254,2 MWt bolan iki sany gaz turbina desgasy gurnalan. Elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Aşgabat şäheriniň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Ahal döwlet elektrik stansiýasy     2010-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp işe girizildi. Onda 254,2 MWt-a deň bolan iki sany gaz turbinaly enjamlary gurnaldy. Abadanda, Aşgabatda we Daşoguzda oturdylan gaz turbinalaryndan tapawytlylykda, Ahal DES-iň gaz turbinalary diňe gazda işlemän, şeýle-de dizel ýangyjynda hem işläp bilýärler. Bu elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpçünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. 2013-nji ýylda 3 sany kiçi gaz turbinalarynyň we 2014-nji ýylda 2 sany gaz turbinalaryň işe girizilmegi bilen stansiýanyň kuwwatlylygy 648,1 MWt-a deň boldy. Bu stansiýa häzirki wagtda döwletimizde iň kuwwatly gaz turbinaly elektrik stansiýasy bolup durýar

         Awaza döwlet elektrik stansiýasy 2010-njy ýylyň 12-nji aprelinde işe girizildi. Onda   kuwwatlylygy 254,2 MWt-a deň bolan iki sany gaz turbinasy gurnaldy. Olar hem tebigy gazda we dizel ýangyjynda işläp bilýärler.

       Taslama boýunça gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyndan daşary 110 kW güýjenmesi bolan elektrik beketleriň üç sanysy we 35 kW güýjenmesi bolan elektrik beketleriň on iki sanysy guruldy.

        Awaza  döwlet elektrik stansiýasynyň we   35-110 kW güýjenmesi bolan kiçi beketleriň işe girizilmegi güýçli depginler bilen gurulýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny elektrik togy bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

       Balkan welaýatynyň batly ösýän nebit, gaz we himiýa toplumlaryny ygtybarly elektrik togy bilen üpjün etmek üçin Balkan welaýatynda 2010-njy ýylda jemi kuwwatlylygy 254,2 MWt bolan iki sany gaz turbinaly elektrik stansiýalary işe girizildi. Bu enjamlaryň işe girizilmegi bilen Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň bellenilen kuwwatlylygy 380,2 MWt-a deň boldy.     

       Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy  2007-nji ýylda Bitaraplyk gününe bagyşlanyp ulanyşa girizildi.  Bu ýerde hem edil Aşgabat döwlet elektrik stansiýasyndaky ýaly jemi kuwwatlylygy 254,2 MWt bolan iki sany gaz turbina desgasy gurnalan. Elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Daşoguz welaýatynyň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ikinji garaşsyz energetika çeşmesini edinmäge mümkinçilik berdi. Elektrik stansiýasy Daşoguz welaýatynyň elektrik energiýasyna bolan isleglerini artykmajy bilen üpjün edýär.

        Derweze döwlet elektrik stansiýasy 2015-nji ýylda işe girizildi. Bu ýerde jemi kuwwaty 504,4 MWt bolan dört sany gaz turbina desgalary gurnaldy. Elektrik stansiýanyň işe girizilmegi Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

         Lebap döwlet elektrik stansiýasy 2014-nji ýylyň 7-nji maýynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyryldy. Umumy kuwwatlylygy 149,2 MWt bolan bu stansiýada, her biriniň kuwwady 49,73 MWt bolan üç sany gaz turbinalary gurnaldy. Lebap döwlet elektrik stansiýanyň işe girizilmegi Lebap welaýatynyň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki  wagtda  Lebap döwlet elektrik stansiýanyň çäklerinde  kuwwaty  432 MWt  gaz  turbinaly  elektrik  stansiaýasynyň  gurluşygy  alnyp  barylýar.

         Mary döwlet elektrik stansiýasy türkmen energetikasynyň kerwenbaşysy bolup, onuň birinji energoblogy 1973-nji ýylda ulanyşa girizildi. 1987-nji ýylda onuň 8-nji energoblogunyň ulanyşa girizilmegi bilen stansiýanyň bellenilen kuwwatlylygy 1685 MWt-a deň boldy. 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda umumy kuwwaty 146,7  MWt bolan 3 sany gaz turbinalaryň ulanyşa girizilmegiň netijesinde elektrostansiýanyň kuwwaty 1831,7 MWt-a ýokarlandy.

Häzirki  wagtda Mary  döwlet elektrik stansiýasynyň  çäklerinde  kuwwaty  1574 MWt  bolan ytgaşykly dolanşykda  işleýän gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň  gurluşygy  alnyp  barylýar.

         Seýdi ýylylyk elektrik merkezi Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soňra gurlan ilkinji elektrik stansiýasy, onuň 1-nji energoblogy 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanyşa girizildi. 2004-nji ýylda onuň 2-nji energoblogunyň işe girizilmegi bilen ýylylyk elektrik merkeziniň bellenilen kuwwatlylygy 160 MWt deň boldy.

Türkmenbaşy ýylylyk elektrik merkezi 1961-nji ýylda ulanyşa girizildi. Ilkibaşda bu elektrik merkeziniň düzümine üç sany ýylylyk bug turbinasy girýärdi.  Olar fiziki taýdan könelişenligi sebäpli soňky ýyllarda hasapdan öçürildi. 1980-nji we 1984-nji ýyllarda hersiniň kuwwatlylygy 210 MWt bolan iki sany energoblok guruldy. Ýylylyk elektrik merkezi deňiz suwunda işleýän özboluşly elektrik stansiýa bolup, bug gazanlarynda ulanylýan suw iki sany bugardyjy senagat enjamynyň kömegi bilen deňiz suwundan arassalanyp alynýar.

         Ähli elektrik stansiýalarymyz golaýynda ýerleşýän gaz ýataklaryndan alynýan tebigy gazda işleýärler, ätiýaçlyk ýangyç hökmünde özümiziň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarymyzyň mazuty we dizel ýangyjy ulanylýar.

“Ahalenergo” önümçilik birleşigi Ahal welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalary gurmak, welaýatyň çäklerinde ýerleşýän energetika desgalaryň işine gözegçilik etmek işleri ýerine ýetirýär. Önümçilik birleşiginiň düzüminde 5 sany etrap we Tejen elektrik ulgamlary kärhanasy ýerleşýär. “Ahalenergo” önümçilik birleşiginiň hasabynda 7807 km elektrik geçiriji howa ulgamlary we 2309 sany dürli kuwwatlykly transformator beketleri durýar.

“Aşgabatenergo” önümçilik birleşigi Аşgabat şäheriniň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalary gurmak, şäheriň çäklerinde ýerleşýän energetika desgalaryň işine gözegçilik etmek işleri ýerine ýetirýär. Önümçilik birleşiginiň düzüminde 6 sany etrap elektrik ulgamlary we “Türkmenenergosazlaýyş” kärhanasy bar. Aşgabat şäheriniň elektrik üpjünçiligi ulgamlaryny täzelemek we şäheriň daşyna güýjenmesi 220 kW halkalaýyn elektrik geçiriji ulgamlaryny emele getirmek maksady bilen 3 tapgyrdan ybarat işler alnyp barylýar. Bu bolsa Aşgabat şäheriniň energoulgamynyň ähli böleklerini özara ätiýaçlandyrmaga we Aşgabat şäheriniň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

“Balkanenergo” önümçilik birleşigi Balkan welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalary gurmak, welaýatyň çäklerinde ýerleşýän energetika desgalaryň işine gözegçilik etmek işleri ýerine ýetirýär. Önümçilik birleşiginiň düzüminde Serdar we Türkmenbaşy şäher elektrik ulgamlary kärhanalary, Balkanabat „Şäheryşyk“ kärhanasy, 4 sany etrap hem-de 3 sany şäher  elektrik ulgamlary ýerleşýär. “Balkanenergo” önümçilik birleşiginiň hasabynda 8882 km elektrik geçiriji howa ulgamlary we 1530 sany dürli kuwwatlykly transformator beketleri durýar.

“Daşoguzenergo” önümçilik birleşigi Daşoguz welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalary gurmak, welaýatyň çäklerinde ýerleşýän energetika desgalaryň işine gözegçilik etmek işleri ýerine ýetirýär. Önümçilik birleşiginiň düzüminde 9 sany etrap we 2 sany şäher elektrik ulgamlary ýerleşýär. “Daşoguzenergo” önümçilik birleşiginiň hasabynda 11456 km elektrik geçiriji howa ulgamlary we 2889 sany dürli kuwwatlykly transformator beketleri durýar.

“Lebapenergo” önümçilik birleşigi Lebap welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalary gurmak, welaýatyň çäklerinde ýerleşýän energetika desgalaryň işine gözegçilik etmek işleri ýerine ýetirýär. Önümçilik birleşiginiň düzüminde “Türkmenabat elektrik ulgamlary” kärhanasy, 14 sany etrap we 2 sany şäher elektrik ulgamlary ýerleşýär. “Lebapenergo” önümçilik birleşiginiň hasabynda 9715 km elektrik geçiriji howa ulgamlary we 2575 sany dürli kuwwatlykly transformator beketleri durýar.

“Maryenergo” önümçilik birleşigi Mary welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalary gurmak, welaýatyň çäklerinde ýerleşýän energetika desgalaryň işine gözegçilik etmek işleri ýerine ýetirýär. Önümçilik birleşiginiň düzüminde 12 sany etrap we 2 sany şäher elektrik ulgamlary ýerleşýär. “Maryenergo” önümçilik birleşiginiň hasabynda 9678 km elektrik geçiriji howa ulgamlary we 2551 sany transformator beketleri durýar.

  “Döwletenergogözegçilik” kärhanasynyň düzümine Aşgabat, Ahal, Balkan, Türkmenbaşy, Mary, Lebap, Atamyrat we Daşoguz bölümleri girýär. 

      Bu kärhana senagat önümi bolup durýan elektrik energiýasynyň hasabyny ýöredýän, üpjün edijileriň we sarp edijileriň arasynda pul hasaplaşygyny amala aşyrýan, energiýa serişdelerini rejeli we tygşytly sarp edilişini, elektrik energiýasynyň hasabynyň ýöredilmegini dogry guraýan öňdebaryjy gurluş birlikleriniň biri bolup durýar. Şeýle-de bu kärhana elektrik hasaplaýjy enjamlaryny sarp edijilere ýerlemek, olary abatlamak we gurnamak işlerini hem ýerine ýetirýär.

“Türkmenenergoabatlaýyş” ýöriteleşdirilen önümçilik birleşiginiň düzümine izolýasiýa işlerine ýöriteleşýän “Gerekli” kärhanasy, 7 sany seh we 3 sany önümçilik ülüşleri girýär.

“Türkmenenergoabatlaýyş” ýöriteleşdirilen önümçilik birleşiginiň esasy wezipesi elektrik stansiýalarynyň, elektrik ulgamlary birleşikleriniň we kärhanalarynyň ýylylyk-mehaniki we elektrotehniki enjamlaryny abatlamakdan ybarat bolup durýar.

Şäher yşyklandyryş müdirligi “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň düzümine 1998-njy ýylda girizildi. Müdirlik paýtagt şüherimiz bolan Aşgabat şäheriniň köçeleriniň, seýilgähleriniň daşky yşyklandyryş ulgamlarynyň ygtybarly işlemegini üpjün edýär.

         Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy goňşy döwletler  bolan Eýran Yslam Respublikasyna  we Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýär.

“Türkmenistanyň Elektrik energetikasynyň ösdürmeginiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda,  Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda  kuwwaty 254 MWt bolan “Watan” gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy dowam edýär.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň ygtybarly energiýa üpjünçiligini ýokarlandyrmak hem-de türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermegiň möçberlerini artdyrmak üçin aşakda görkezilen işler ýerine ýetirildi:

   - 500 kW güýjenmeli “Atamyrat” elektrik bekedini gurmak;

   - güýjenmeleri 220 kW bolan “Watan” we “Farap” elektrik beketleriniň   durkuny täzelemek;

   -Mary DES-niň güýjenmesi 500 kW açyk paýlaýjy gurluşyndan “Atamyrat” elektrik bekedine çenli 500 kW ýokary woltly howa elektrik geçirijisini gurmak;

   - “Atamyrat” elektrik bekedinden Owganystan Yslam Respublikasynyň serhedine çenli 500 kW ýokary woltly howa elektrik geçirijisini gurmak;

Mary welaýatynda:

  • Mary DES-inde güýjenmesi 500 kW bolan açyk paýlaýjy gurluşyň durkuny täzelemek.

Ýokary woltly elektrik geçirijileriniň we elektrik beketleriniň gurluşygy mundan beýläk hem dowam etdiriler, bu bolsa elektrik energiýasy iberilende ýitgileri azaltmaga mümkinçilik berer.

Geljekde türkmen energoulgamyny güýjenmesi 500 kW bolan howa elektrik geçirijileri arkaly halkalaýyn birleşdirmek, şol sanda Aşgabat- Balkanabat-Türkmenbaşy, Mary-Aşgabat, Lebap-Daşoguz, Aşgabat-Daşoguz, Türkmenbaşy-Daşoguz aralygynda güýjenmesi 500 kW bolan elektrik geçiriji howa ulgamlaryny  gurmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň energoulgamynyň ähli böleklerini özara ätiýaçlandyrmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da türkmen energoulgamynyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen güýjenmesi 500 kW bolan “Mary-Saragt-Maşat” (Eýran) we “Balkanabat-Gonbad” (Eýran) howa geçirijileriniň gurluşygy göz öňünde tutulýar.  Bu howa geçirijileriniň gurluşygy Eýrana we Eýranyň elektrik ulgamynyň üsti bilen Türkiýä  elektrik energiýasynyň iberilişiniň göz öňünde tutulan maksatnamasyny amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Ýokarda agzalan çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny we garaşsyzlygyny berkider, önümçiligiň netijeliligini, elektrik energiýasynyň sarp edilişini, daşary ýurtlara iberilişini we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary göterilmegini üpjün eder.