TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge, şeýle hem daşary ýurt sarp edijilerine elektrik energiýasyny ibermäge gönükdirilen energetika syýasaty alnyp barylýar.

Ýurduň ilatynyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulanmagy, elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň artmagy bilen baglylykda, täze energetika kuwwatlyklaryny gurmagyň zerurlygyny döretdi. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýadawsyz aladalary we goldawlary netijesinde „Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň“ kabul edilmegi pudagy ösdürmegiň taryhynda hil taýdan täze döwür boldy. Bu konsepsiýa laýyklykda, ýurduň dürli sebitlerinde 6 sany täze elektrik stansiýalary guruldy. Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýasynyň gurluşyk işleri hem gowşamaýan depgin bilen alnyp barylýar.

Bu bolsa içki sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen birlikde daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak üçin mümkinçilikler döredildi. Bu öz gezeginde elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýär.

Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy  Eýran we  Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýär. Pudagyň hünärmenleri tarapyndan TAPI gaz geçirijisi bilen ugurdaş, güýjenemsi 500 kilowolt bolan Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi türkmen elektrik energiýasyny  Owganystan we Päkistan Yslam Respublikalaryna ibermäge mümkinçilik berer.

Energetika desgalary boýunça maglumat

Maslahatlar we sergiler

Tender